Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy

  • 03.05.2025 12:05
  • 6.6k+

Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär.

Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy.
32 minut soň, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Wandenberg bazasyndan SpaceX kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasy uçuryldy we ol 27 sany Starlink hemrasyny orbita ýerleşdirdi.
Nobatdaky uçuş 29-njy aprelde irden amala aşyryldy. United Launch Alliance kompaniýasynyň «Atlas V» raketasy Amazon kompaniýasynyň Project Kuiper atly hemra ulgamynyň ilkinji hemralaryny Kanaweral burnundaky kosmodromdan uçuryp, orbita çykardy.
Şondan 3,5 sagat soň, Kennedi kosmos merkezinden uçurylan ýene bir «Falcon 9» raketasy 23 sany Starlink hemrasyny orbita ýerleşdirdi.
Soňra Arianespace kompaniýasynyň «Vega-C» raketasy Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) Biomass atly hemrasyny üstünlikli ýagdaýda uçurdy.
Ahyrky uçuş bolsa Firefly Aerospace kompaniýasynyň «Alpha» raketasy bilen Wandenberg bazasyndan (ABŞ) amala aşyryldy. Emma bu uçuş basgançaklaryň aýrylyş pursadynda heläkçilik bilen tamamlandy we peýdaly ýük ýitirildi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....