BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär

  • 03.05.2025 11:46
  • 5.6k+

BMW wodorod tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa häzirki wagtda «iX5 Hydrogen» atly wodorodly modeli synag edýär we 2028-nji ýyla çenli Toyota bilen hyzmatdaşlykda wodorod bilen işleýän awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «QQ News» habar berýär.

BMW-niň wodorod tehnologiýalary boýunça ýolbaşçysy Ýurgen Gýuldneriň sözlerine görä, bu tehnologiýa käbir müşderiler üçin örän peýdaly bolup biler. Hususan-da, batareýaly elektrokarlar olaryň iş endiklerine laýyk gelmeýän bolsa ýa-da infrastrukturada ýetmezçilik bar bolsa, wodorodly ulaglar olar üçin has gowy alternatiwa bolup biler. Wodorodly awtoulaglar hem benzinli ulaglar ýaly elektrikli dinamikany we ýangyjyň tiz doldurylmagyny üpjün edýär.
Wodorodly içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerinden tapawutlylykda, BMW ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýan ýangyç elementlerine üns berýär. Şeýle-de kompaniýa önümçilik proseslerinde hem wodorody ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, ol tebigy gaza alternatiwa hökmünde göz öňünde tutulýar.
Wodorod infrastrukturasynyň heniz doly ösmändigine garamazdan, BMW bu tehnologiýany uzak möhletleýin alternatiwa hökmünde görýär we ony geljek ýyllaryň strategiýasynyň bir bölegi hökmünde, ekologiýa taýdan arassa çözgüt hökmünde kabul edýär.


şu gün 09:56
1.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......