Tata we Foxconn Hindistanda iPhone 16 we 16e smartfonlaryny ýygnap başlady

  • 03.05.2025 11:57
  • 6.8k+

Hindistanyň Tata Electronics we Foxconn zawodlary iPhone smartfonlarynyň, şol sanda täze iPhone 16 we iPhone 16e modelleriniň önümçiligine başlady. Bu Apple-iň önümçilik kuwwatyny Hytaýdan geçirmek strategiýasynyň bir bölegi boldy.

Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, Tata Electronics kompaniýasy Tamil Nadu ştatynyň Hosur şäherinde täze zawody işe girizdi. Zawod eýýäm köne iPhone modellerini çykaryp başlady we önümçilik bir gurnama hataryndan başlady.
Ýene bir zawod Foxconn-yň 2,6 mlrd dollarlyk maýa goýum taslamasynyň çäklerinde Bangalorda gurulýar. Bu ýerde ilkinji önümçilik hatary ýakyn günlerde işläp başlar.
Bangalordaky zawodda iPhone 16 we iPhone 16e modellerini çykarmak meýilleşdirilýär. Zawod sagatda 300-den 500-e çenli smartfon öndürip biler.
Çaklamalara görä, 2027-nji ýyla çenli Hindistandaky Foxconn zawodynda 50 000 töweregi adam işlär.
Apple geljek ýylyň ahyryna çenli amerikan bazary üçin iPhone önümçiliginiň uly bölegini Hytaýdan Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ädim önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmaga we Hytaýdan import üçin gümrük paçlary ýaly çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, Donald Trampyň administrasiýasy kompaniýanyň önümçiligi ABŞ-a geçirmegini isleýär, Apple hem bu ýerde täze tehnologiýalara maýa goýmagy we täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýär.


19.05.2026 09:37
4.3k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....