Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi

  • 02.05.2025 16:46
  • 6.5k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.

Halkara sergä nebitgaz pudagynda innowasion çözgütler, känleri özleşdirmek, energiýany özgertmegiň tehnologiýalary, daşky gurşawa uglerod zyňyndylaryny azaltmak ýaly ugurlar boýunça kompaniýalar öz önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde halkara ylmy maslahat geçirildi.
Sergide Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanan “Ýelli etraplarda, ýeliň energiýasyndan elektrik energiýasyny öndürýän, binalaryň üstünde ulanmak üçin niýetlenilen innowasion ýel elektrik desgasynyň taslama maketleri tanyşdyryldy. Şeýle hem “Buraw turbasyndaky boşlukdan howany gysyp çykarmak üçin enjamyň” makedi sergide görkezildi.
Serginiň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, taýýarlaýan hünärleri, tejribehanalary we alyp barýan ylmy işleri barada sergä gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Taslama işler boýunça sergä gatnaşan dürli kompaniýalaryň inženerleri bilen pikir alşyldy. Bu innowasion tehnologiýasynyň ekologik taýdan zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup durýandygy bellenildi.
GOTECH "Energiýa, Tehnologiýa Innowasiýa" sergisinde görkezilen taslama işleri bilen işjeň gatnaşan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparyna minnetdarlyk haty we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......