Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez

  • 01.05.2025 20:08
  • 4.7k+

Nepal Ewereste çykýan alpinistleriň sanyny çäklendirer. Indi çykmak üçin ygtyýarnamany diňe ozal ýurduň 7 müň metr beýiklikdäki daglarynyň, iň bolmanda, birine çykan alpinistler alyp biler. Bu çözgüt dünýäniň iň beýik dagynda howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Nepalyň häkimiýetleri tejribesiz alpinistlere beýikligi 8,8 müň metrden geçýän depä çykmaga rugsat berendikleri üçin ençeme gezek tankyt bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurt syýahatçylygy, şol sanda alpinizmi we trekkingi işjeň ösdürýär hem-de bu ugurdan ep-esli girdeji gazanýar.
Kislorod ýetmezçiligi bolan Ewerestiň depesindäki “Ölüm zolagy”, köplenç, uzyn nobatlaryň döreýän ýerine öwrülýär. Bu ýerde uzak wagtlap durmak bolsa jan üçin howpludyr. Her ýyl bu sebäpli Ewerestde birnäçe alpinist heläk bolýar.
Nepalda çykmak üçin ýaramly bolan 400-den gowrak dag bar, şolardan 74 sanysynyň beýikligi 7 müň metre ýetýär. Ýöne bu belentlikler Ewerest ýaly özüne çekiji däl. Täze kanun taslamasy eýýäm parlamentiň ýokarky palatasynda hasaba alyndy we bu ýerde dolandyryjy birleşigiň ony kabul etmek üçin ýeterlik sesi bar.
Halkara ekspedisiýalar Nepaldan daşary daglara çykanyňdan soň Ewereste çykmaga rugsat bermegi teklip edýär, ýöne kanun häzirlikçe diňe ýerli belentliklere degişlidir.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......