Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy

  • 01.05.2025 13:35
  • 5.9k+

Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär.

"Taryhy taýdan sultygowlaryň we timurziýewleriň taýpalary bilen baglanyşykly Geriti orta asyr diňinde arheologiki barlaglary tamamladyk. Geçirilen barlaglar  birnäçe möhüm açyşlaryň üstünden eltdi: siklopik binalar toplumy tapyldy, ol takmynan biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň ikinji ýarymyna degişlidir. Onuň golaýynda 10-dan gowrak guburly mazarystanlyk bar. Ylmy işgärimiz Magomed Dzarahowyň çaklamasyna görä, bu guburlar nusgawy inguş guburlaryndan öňki bolup, IX-XI asyrlara degişlidir "- diýip Sultygow gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mekdep Geritini medeni mirasyň ýadygärlikleriniň sanawyna goşmak üçin ýadygärlikleri goramak boýunça edaralara maglumat ibermek üçin resminamalary taýýarlaýar.

"Geritidäki açyşlar bu ýeriniň ajaýyp taryhy çuňlugyny görkezýär. Dürli döwürlere degişli tapylan zatlar bu sebitdäki durmuşyň ösüşini täzeden dikeltmäge mümkinçilik berer. Geljekde geçiriljek barlaglar seneleri anyklamaga, jaýlanyş dessurlaryny öwrenmäge we okuwçylarymyza amaly tejribe bermäge kömek eder" – diýip, Dzarahow belledi.

Geriti XVI-XVII asyrlara degişli 15 diňden we dürli görnüşdäki: ýer üsti, ýarym ýerasty we ýerasty ýerleşen 20-den gowrak guburly iki sany gala toplumyndan ybarat.


düýn 19:49
1.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......