ABŞ-da we Germaniýada bitkoin gazyp almak indi düşewüntli däl

  • 01.05.2025 12:52
  • 6.5k+

CoinShares-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi boýunça hasabatyna görä, bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Munuň sebäbi, her blok üçin baýragyň 3,125 bitkoine (BTC) çenli azalmagy, tordaky kynçylygyň artmagy, elektrik energiýasynyň gymmatlamagy we güýçli enjamlara zerurlygyň döremegi bilen baglanyşykly diýip, «PCWorld» neşiri habar berýär.

ABŞ-da bir bitkoini gazyp almagyň çykdajysy 47% ýokarlanyp, 82 müň 162 dollara ýetdi. Enjamyň tiz ulanyşdan galmagy (amortizasiýasy) ýaly goşmaça harajatlary hem göz öňünde tutsaň, bu görkeziji 137 müň dollara çenli ýetýär.
Germaniýada elektrik energiýasynyň has gymmatdygy sebäpli, bu çykdajy tas 200 müň dollara ýetýär. Şol sebäpden hem, bu ýurtlaryň ikisinde hem bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär.
Bahasynyň 95 müň dollar töweregindedigine garamazdan, bu ýagdaý ownuk maýnerleri (gazyp alyjylary) bazardan çykmaga mejbur edýär. Olaryň ýerine bolsa, arzan energiýa we täze tehnologiýalara elýeterliligi bolan uly kompaniýalar geçýär.
CoinShares-iň analitikleriniň pikirine görä, bu ýagdaý bitkoiniň desentralizasiýasyna (merkezi dällik häsiýetine) howp salýar. Gazyp alyş güýji az sanly uly oýunçynyň eline geçýär, bu bolsa toruň durnuklylygyny pese gaçyrýar.


24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

18.06.2026 10:26
825

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......