Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar

  • 01.05.2025 13:04
  • 10k+

Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär.

Hazynanyň umumy agramy – 7 kg, altyn teňňeleriň agramy bolsa 3,7 kg. Hazynanyň bahasy, takmynan, 7,5 mln çeh kronasyndan (tas 340 müň dollardan) gowrak bolmaly diýip çaklanylýar. Bu hazyna 1921-nji ýylda ýa-da ondan öň gizlenen bolmaly.
Numizmat Woýteh Bradleniň sözlerine görä, tapylan teňňeleriň köpüsi 1808-1915-nji ýyllar aralygynda zikgelenipdir. Käbirleriniň üstünde, ähtimal, 1920-nji ýyllarda, öňki Ýugoslawiýada goşulan kiçijik bellikler bar. Bu bellikler teňňeleriň Birinji jahan urşundan soň gaýtadan dolanyşyga goýberilendigini görkezýär.


23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......