Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

  • 01.05.2025 13:07
  • 7.4k+

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär.

Sanjym 18 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolan 400 meýletinçide synag ediler. Gatnaşyjylara üç gezek sanjym edilmegi mümkin, gözegçilik toparyna bolsa diňe plasebo berler. Häzirki wagtda synaglaryň netijesi barada maglumat ýok. Sanofi kompaniýasynyň meýilnamasyna görä, barlaglar 2027-nji ýyla çenli dowam eder.
Bu sanjym mRNA esasly serişdeleriň hataryna girýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, sanjym düwürtikleriň ösüşine gatnaşýan käbir beloklara garşy bedeniň immun jogabyny herekete getirer. Emma serişdäniň takyk işleýiş mehanizmi baradaky jikme-jik maglumatlar entek aýan edilmedi.
«Live Science» neşiriniň bellemegine görä, sanjymyň işlenip düzülmeginden başlap, kliniki ulanyşa girýänçä, takmynan, 10 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Hatda synaglaryň netijeleri oňyn bolsa-da, öňümizde serişdeleriň howpsuzlygyny we täsirini doly barlamak üçin birnäçe tapgyrlyk barlaglar bar. Sanofi-den başga hem düwürtiklere garşy sanjym işläp düzýän gözleg toparlary bar, emma fransuz kompaniýasy giň gerimli kliniki synaglara başlan ilkinji kompaniýa boldy.


05.06.2026 17:46
2.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.5k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......