Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi

  • 30.04.2025 14:08
  • 15k+

Ýaponiýada ýaşaýan 27 ýaşly hytaýly talyp 4 günüň dowamynda Fudzi dagynyň gerşlerinden iki gezek halas edildi. Ýaş ýigit ýitiren smartfonyny gözläp, daga dolanyp barypdyr diýip, «BBC» habar berýär.

Ilkinji gezek 22-nji aprelde ony dagyň, takmynan, 3000 metr belentligindäki ýodadan dikuçar bilen alyp gaýtdylar. Ol aşak düşüp bilmändir, sebäbi buza ýapyşmak üçin ulanylýan, çeňňekli ýörite aýak enjamlary bolan koşkalaryny ýitiripdir.
26-njy aprel güni bolsa, alpinist ýene bir gezek howply ýagdaýa düşüpdir. Ol ýitiren zatlaryny, şol sanda smartfonyny hem tapmak üçin daga gaýdyp barypdyr. Emma ol dag keseline uçrap, gaýtadan halas edilmeli boldy. Häzirki wagtda ýaş ýigidiň saglyk ýagdaýy gowy, janyna howp abanmaýar.
Polisiýa Fudzi dagyna möwsümden daşary çykmagyň gadagandygyny ýatlatdy. Daga çykmak möwsümi diňe iýuldan sentýabra çenli dowam edýär. Ondan daşary döwürde ýodalarda lukmançylyk nokatlary işlemeýär we howa şertleri halas ediş çärelerini kynlaşdyrýar.
Beýikligi 3776 metr bolan Fudzi dagy Ýaponiýanyň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanylýar. 2023-nji ýylda dag çykmak möwsüminde, bu daga 220 müňden gowrak adam çykypdyr. Häkimiýetler syýahatçylaryň köp gelmeginiň öňüni almak üçin, daga çykmak tölegini ýokarlandyrmak ýaly çäreleri girizýärler.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......