Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy

  • 30.04.2025 12:19
  • 5.2k+

Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär.

Bu garynjalar şeýle aýylganç lakamymy öňe uzap gidýän, çalgyny ýatladýan uly mandibullary sebäpli berlipdir. Garynjalar olaryň kömegi bilen awlaryny sanjyp alan ýa-da öldüren bolsalar gerek. Mundan başga-da, olaryň kellesinde, iki gözüniň arasynda şaha meňzeş ýiti ösüntgileri bolupdyr.
Ozal bu hili garynjalaryň galyndylary diňe Fransiýada we Mýanmada hek döwrüniň ahyryna degişli ýantardan tapyldy. Täze nusga San-Paulu uniwersitetiniň Zoologiýa muzeýiniň galyndylar ýygyndysyndaky hek plitasyndan tapyldy. Plita Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Krato formasiýasyndan alnan, bu formasiýa özünde gowy saklanyp galan galyndylary bilen tanalýar.

Tapylan mör-möjek - uzynlygy 13,5 millimetr bolan ganatly ene garynja. Täze görnüşe Vulcanidris cratensis diýip at berildi. Ol beýleki mälim bolan gadymy garynjalardan 10 million ýyl gowrak uly bolup çykdy.
Alymlaryň pikirine görä, Vulcanidris cratensis tapylmagy garynjalaryň biologiýasy we ýerleşişi baradaky düşünjelerimizi üýtgedýär. Dowzah garynjalarynyň Braziliýada eýýäm irki hek döwürde bolandygy garynjalaryň ewolýusiýasynyň başlangyç döwründe giň ýaýrandygyna we olaryň köp dürli bolandygyna şaýatlyk edip biler.


düýn 20:31
1.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......