Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

  • 30.04.2025 11:10
  • 2.1k+

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär.

Ýylyň ilkinji üç aýynda ÝB-de Volkswagen-iň 65 müň 679 elektromobili hasaba alyndy, Tesla bolsa 53 müň 237 sanysyny satdy. Şeýlelikde, germaniýaly awtoulag öndürijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasaba alyşlaryny 157% ýokarlandyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, Tesla kompaniýasy hasaba alyşlarynyň 38% aşak gaçandygyny belläp geçdi. Bu sebitdäki otuz öňdebaryjy awtoulag brendiniň arasyndaky iň uly pese gaçyş boldy. Bu öwrülişikli pursat bolsa, Ýewropada akkumulýatorly elektromobil bazarynyň rekord derejede ösmegine gabat geldi: mart aýynda BEV-iň paýy ähli täze hasaba alyşlaryň 16,9%-ine ýetdi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,7% ýokary. Bu ösüşe esasy goşandy Beýik Britaniýanyň bazary goşdy, ol ýerde isleg 13% ýokarlandy.
Umumy satuwlarynyň pese gaçandygyna garamazdan, «Tesla Model Y» we «Model 3» hasaba alyş sany boýunça iň meşhur iki elektromobil hökmündäki orunlaryny saklap galdylar. Martda «Model Y-niň» satuwy 43% aşaklady, «Model 3» bolsa 1% ösüş görkezdi. Ýakyn bäsdeşi – «Volkswagen ID.4» liderleriň üçlügini jemledi, emma «Model 3-den», takmynan, 2000 az nusgada satyldy.


04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......