Ýaponiýada ýertudanany özbaşdak ýygnap bilýän robot döredildi

  • 29.04.2025 21:45
  • 10k+

Osaka uniwersitetiniň inženerleri ýyladyşhananyň içinde özbaşdak hereket edip, dikligine ekilen ýertudanalardan miwelerini ýygnap bilýän roboty hödürlediler. Prototip nawigasiýa üçin LiDAR sensorlardan peýdalanýar we geljekde işçi güýjüniň ýetmezçiliginiň öwezini dolmagy maksat edinýär diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

LiDAR sensorlar giňişligiň üç ölçegli kartasyny döretmek üçin ulanylýar, bu bolsa robota ýertudana ekilen ýataklaryň ýerleşişini anyk kesgitlemäge we çaknyşmalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Algoritm iki görnüşli iş tertibini goldaýar: öňünden kesgitlenen koordinatalara görä hereket etmek we ýertudanalary awtonom yzarlaýyş.
Bu tehnologiýa geljekde diňe bir hasyl ýygnamagy awtomatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ösümlik kesellerine gözegçilik etmek, kesmek we beýleki işleri hem ýerine ýetirmäge kömek eder. Bu çemeleşme, esasan-da dik grýadkalar bilen işleşýän daýhanlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirer.
Häzirki wagtda Ýaponiýa ilatynyň garrylygy we ýaşlaryň daýhançylyk bilen gyzyklanmazlygy sebäpli, oba hojalygynda işçi ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle awtonom ulgamlaryň ornaşdyrylmagy pudagy durnuklaşdyrmaga kömek eder.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......