Türkmenistan Eýran bilen özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen teklipleri goldamaga taýýar - Serdar Berdimuhamedow

  • 29.04.2025 10:49
  • 3k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Eýranyň Bender-Abbas şäherindäki Şehit Rejaýi portunda bolup geçen partlama zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Seýed Hamid Purmohammadiniň şu saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bu işler ilatymyzyň we daşky gurşawyň aýratynlyklaryny, howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sebitinde durnukly ösüş boýunça ilkinji ýokary derejeli forumyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirildi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......