Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär

  • 29.04.2025 10:17
  • 2.1k+

29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär. 29-30-njy aprelde şeýle hem «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.

Maslahatyň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň önüminiň, hyzmat ulgamynyň hili halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylar. Çäre türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli gutlag iberdi. Döwlet Baştutany gutlagynda “bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny” belledi.
Serginiň guramaçylary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergi-ýarmarka çagyrýar.

Sergi-ýarmarkanyň iş wagty:

  • 29-njy aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 30-njy aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 1-nji maýda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-84/83/82.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......