Türkmen alymlary nebit geçirijileri çökündilerden goramagyň tehnologiýasy üçin patent aldylar

  • 28.04.2025 18:33
  • 6.5k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg enjamlary tehnologiýalary barlaghanasy nebit turbalarynda parafin-şepbik çökündileriniň döremeginiň öňüni aljak täze tehnologiýany işläp taýýarlamak üçin patent aldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Tehnika ylymlarynyň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky bu taslama, esasanam, turbalarda parafin we şepbik çökündileri emele gelip, olaryň petiklenmegine sebäp bolýan ýylyň sowuk döwründe nebiti daşamak bilen baglanyşykly meseläniň çözgüdini hödürleýär.
Bu innowasion tehnologiýa ýylylyk akkumulýasiýasy, ýagny jemlenmesi ýörelgesine esaslanýar. Ol ýylylygy bir ýere jemlemek üçin alternatiw energiýa çeşmelerini ulanýar, bu energiýa soňra sarp edilmeýär we turbalarda nebitiň zerur temperaturasyny yzygiderli saklamak üçin ulanylýar.
Bu çemeleşme diňe bir parafin çökündileriniň emele gelmegine garşy netijeli göreş alyp barmak, goýy nebitiň sorulmagyny aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe goşmaça artykmaçlyk hem berýär. Bu tehnologiýa, hususan-da, ekologik we ykdysady bähbit gazanmak üçin, galyndylary (nebiti, gumy, duzy we suwy) gaýtadan işläp, önüm almaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, alternatiw çeşmelerden peýdalanmak bilen energiýa öndürilende, howa zyýanly gazlar taşlanmaýar, ýygnanan ýylylyk bolsa nebit geçiriji ulgamyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolanda, ulanylyp bilner.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....