Mercedes-iň “Gün boýagy” awtomobillere ýylda goşmaça 14 müň km geçmäge mümkinçilik berer

  • 28.04.2025 18:27
  • 5.5k+

Auto Shanghai 2025 sergisinde Mercedes-Benz elektromobiller üçin täze tehnologiýalary hödürledi. Olaryň biri-de – “Gün boýagy” bolup, ol ulaglara goşmaça energiýa almaga we zarýad bermezden ýylda goşmaça müňlerçe kilometr geçmäge mümkinçilik berer. Bu barada Carscoops neşiri ýazýar.

Mercedes 20%-e çenli netijeli bolan Gün elementleri bilen işjeň fotoelektrik örtügini ulanmagy göz öňünde tutýar. Iň gowy şertlerde, mysal üçin, Pekinde şeýle ulgam ýylda goşmaça 14 000 km ýol goşup biler – bu günde, takmynan, 39 km. Häzirlikçe zarýad bermekden doly ýüz öwürmek mümkin bolmaz, ýöne tehnologiýa awtomobili ulanmakda amatlylygy ýokarlandyryp biler.
Şeýle-de, Mercedes her bir akkumulýator elementi bilen aýratynlykda işlejek mikro-sazlaýjysynyň üstünde işleýär. Ol zarýad derejesine garamazdan naprýaženiýany 800 wolta çenli durnuklaşdyrmaga kömek edýär. Bu hem geçilýän menzili artdyryp, ikitaraplaýyn zarýady gowulandyrar we batareýalaryň ýygnalmagyny ýönekeýleşdirer.
Ýene bir ugur – gönüden-göni transmissiýa we hereketlendiriji bloguna gurnalýan tormoz ulgamydyr. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol barlap ýa-da bejerip durmagy talap etmeýär, poslamaýar we tormoz berlende hapalaýjy bölejikleri çykarmaýar. Mundan başga-da, ulgam sessiz bolup, materiallaryň könelmegini azaldýar we awtomobiliň umumy energiýa netijeliligini ýokarlandyrýar.
Ýene bir taslamanyň çäklerinde awtoöndüriji Kanadadaky Waterloo uniwersitetiniň hünärmenleri bilen işleşýär. Olar beýniniň işleýşine ökünýän neýromorf hasaplamalaryna ünsi gönükdirýär. Şeýle tehnologiýalar emeli aňa çalt we az energiýa bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Bu awtomobiliň işjeň howpsuzlyk ulgamlary üçin zerurdyr: olar ýol nyşanlaryny, bellikleri we beýleki obýektleri hatda dury däl howada-da takyk kesgitläp biler. 


şu gün 11:52
3.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......