100 mln ýyl ozal Tetis ummanynyň ýitmegi howa we adamlaryň göçüş ýollaryna täsir edipdir

  • 28.04.2025 15:58
  • 4.8k+

Takmynan, 100 million ýyl mundan ozal, gadymy Tetis ummanynyň ýuwaş-ýuwaşdan ýitip başlamagy dünýäde howa şertleriniň üýtgemegine, çölleriň döremegine we haýwanlaryň, şol sanda adamlaryň ata-babalarynyň hem göçüp gidýän ýollaryna uly täsir ýetiripdir. Bu barada «Nature Reviews Earth & Environment» žurnalynda çap edilen täze barlagda aýdylýar.

Halkara geologlaryň we klimatologlaryň toparynyň maglumatlaryna görä, Afrikanyň, Arap ýarymadasynyň we Hindistanyň demirgazyk tarapa hereketi bu materikleriň Ýewraziýa bilen çaknyşmagyna sebäp bolupdyr. Bu hadysa diňe bir geografiýany üýtgetmän, eýsem ummanlaryň akymlarynyň işine-de päsgelçilik döredipdir.
Takmynan, 30 million ýyl mundan ozal, öňki Tetis ummanynyň bolan ýerinde «gomfoter köprüsi» diýlip atlandyrylýan – Afrika bilen Ýewraziýanyň arasynda gury ýer geçelgesi emele geldi. Bu ýol arkaly, häzirki zamanyň adamlarynyň ata-babalaryny hem öz içine alýan haýwanlar göçüp başladylar. Şol döwürde, geljekki Sähranyň ýerleşjek ýerlerinde gurak we suwsuz zolaklar hem döräp ugrapdyr.
Barlagyň awtorlary Tetis ummanynyň ýitmeginiň Aziýadaky musson ýelleriniň güýçlenmegine sebäp bolandygyny belleýärler. Şeýle-de gündogar Afrikadaky ýerleriň kem-kemden guramagyna-da täsir edendigini aýdýarlar. Bu üýtgeşmeler Homo nesliniň ewolýusiýasyna hem täsir eden bolmaly.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......