2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň eýesine Toyota Camry V6 awtoulagy berildi

  • 27.04.2025 17:44
  • 28k+

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi.

«2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

"Bedewler gözellik bäsleşigine taýýarlananda, synalary ýaraşykly, gylyk-häsiýeti gowy atlar saýlanyp alynýar. Bedewleri wagtly-wagtynda iýmitlendirmeli, ir säher tämiz howada, giç öýlan Günüň ýiti şöhlesi gowşanda olaryň gezimini ýetirmeli. Umuman, ot-iýmini ýetirmek bilen birlikde, olar Günüň nurdan, Aýyň şöhlesinden hem öz paýyny almaly. Synalarynyň has owadan, göze gelüwli bolmagy üçin atlar hemişe yhlas bilen idedilmeli. Ussat atşynaslardyr seýislerden, alymlardyr bilermenlerden, döredijilik işgärlerinden düzülen eminler toparynyň agzalary, ine, şu aýratynlyklara görä bedewleriň gözelligine adalatly baha berdiler" diýip, ýeňiji bolan bedewiň seýsi Batyr Annalyýew aýtdy we gymmat bahaly baýrak hem-de atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......