Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär

  • 26.04.2025 00:23
  • 11k+

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdiriýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiz hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar.
Bu şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerine, şeýle hem edermen esger, ilhalar ynsan  Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we zähmet weteranlara baýramçylyk sowgatlarynyň  gowşurylyş dabaralary geçiriler.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......