Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi

  • 25.04.2025 23:29
  • 8.9k+

Türkmenistanda Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji aprelde Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Bellenilişi ýaly,  resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda,  “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip  taýýarlanyldy. 
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 
Serdar Berdimuhamedow senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtap, önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek we önümçilik barlagyny guramak maksady bilen, degişli resminama gol çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......