Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler

  • 25.04.2025 16:19
  • 3.1k+

Amerikaly alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny ilkinji gezek 44 ýaşdan kiçi adamlarda anykladylar. Ozal geçirilen barlaglar, esasan, 50 ýaşdan uly näsaglara gönükdirilipdi. Täze maglumatlar, töwekgelçiligi ir kesgitlemäge we keseliň öňüni almaga mümkinçilik bermek bilen, diagnostika çemeleşmäni üýtgedip biler.

Kaliforniýa uniwersitetiniň barlagçylary Ýetginjekleriň we ulularyň saglygynyň  milli longitýud barlaglarynyň (1994–2018) maglumatlaryny seljerdiler. Nusgalarda 4507-den 11 449-a çenli adam IV tapgyra (ortaça 28 ýaş) we 529-dan 1121-e çenli adam V tapgyra (ortaça 38 ýaş) gatnaşypdyr.
Ýürek-damar keselleriniň we demensiýanyň (CAIDE) ýüze çykmak töwekgelçiliginiň faktorlaryna baha berildi: ýaşy, jynsy, bilim derejesi, gan basyşy, bedeniň agram görkezijisi, holesteriniň derejesi, fiziki işjeňlik, zyýanly endikler we APOE allelleriniň ýagdaýy. Şeýle hem hünärmenler ganda beta-amiloidiň, tau-beloklaryň, interleýkinleriň we neýrofilamentleriň derejesini seljerdiler. Kognitiw  funksiýalary ýat üçin gönükmeler arkaly barladylar.
Barlag genetiki töwekgelçilik derejesiniň (APOE) orta ýaşdan öň ýadyň peselmegi bilen baglanyşykly däldigini ýüze çykardy. Şeýle-de bolsa, CAIDE-iň netijeleri, amiloidleriň we tau-beloklaryň derejesi hem-de 24 ýaşdan 44 ýaş aralygyndaky adamlarda kognitiw ukybyň arasynda statistik taýdan möhüm baglanyşyklar tapyldy.
Alymlar ganyň nusgalaryny gatnaşyjylaryň hemmesiniň tabşyrmandygyny, ikinji nusganyň bolsa azdygyny bellediler. Bu deňeşdirmäniň takyklygyna täsir edip biler. Şeýle-de bolsa, netijeler uly ylmy ähmiýete eýe.
Bu barlag The Lancet Regional Health — Americas žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....