Ýewropa kosmos agentligi kosmosda azyk ösdürip ýetişdirmegi synagdan geçirýär

  • 25.04.2025 15:03
  • 2.2k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) geljekde astronawtlar üçin iýmiti göni orbitada ýa-da Aýda hem-de Marsda ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýän synagy ýola goýdy. Taslamada belok, ýag, protein we süýüm ýetişdirmek göz öňünde tutulýar diýip, «BBC» ýazýar.

Ösdürip ýetişdiriljek komponentleriň esasynda astronawtlar üçin lezzetli we özlerine öňden mälim bolan naharlary taýýarlamak mümkin bolar diýlip garaşylýar. Eger-de synag üstünlikli bolsa, olaryň iýmit üpjünçiligi has arzan bolar. Häzirki wagtda bir astronawtyň bir günlük iýmiti 26 müň dollara düşýär.
Agentlik NASA we SpaceX bilen bilelikde, genetikasy modifisirlenen hamyrmaýa öýjükleri ýerleşdirilen emeli hemrany orbita ugratdy. Enjam Ýere dolanyp gelensoň, alymlar bu öýjükleri derňärler, soň bolsa esasy iýmitlik komponentleri ösdürip ýetişdirip biljek bioreaktory taýýarlap, ony 2026-njy ýylda kosmosa ugradarlar.
Taslama gatnaşyjylaryň biri bolan Frontier Space kompaniýasynyň baş direktory Akil Şamsulyň sözlerine görä, kosmosda nahar taýýarlamak ilkinji nobatda beloga baý pýure ýaly ýönekeý tagamlardan başlap biler. Geljekde bolsa, eger 3D-printer ulanylsa, hatda orbitada steýk hem taýýarlamak mümkin bolar.


02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....