Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdy

  • 25.04.2025 12:02
  • 9.3k+

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Lideri bilen bilelikde “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.

Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär. Bu ekspozisiýa Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniň, Amaly-haşam sungaty muzeýiniň, Taryh muzeýiniň, Samarkandyň Taryh muzeýiniň, Termez şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň, Horezmiň Taryh muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr. Görkezilýän gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde adamzat tarapyndan daşyň ýüzünde döredilen sungat eserlerinden başlap, misden ýasalan zergärçilik we ýüpekden taýýarlanan önümlere çenli muzeý gymmatlyklaryny görmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi. Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza dolandy.


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......