Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

  • 25.04.2025 11:24
  • 2.8k+

24-nji aprelde Özbegistana saparynyň ikinji gününde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkanda iş saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz — Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy. Türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny has netijeli ulanmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......