Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda "Hazrati Hizir" toplumyna we "Baky şäher" syýahatçylyk meýdançasyna bardy

  • 25.04.2025 11:14
  • 10k+

23-24-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Saparynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna bardy.
Samarkant Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hem dogduk şäheri bolup durýar. Goňşy ýurduň ilkinji Prezidenti 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Samarkantdaky Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde jaýlanyldy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy boýunça bu ýerde ilkinji Prezidentiň aramgähi gurlup, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda açyldy.


Bu ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy ÝUNESKO bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslamada bütindünýä medeni mirasynyň desgalarynyň biri bolan, XIX asyryň başlarynda gurlan Hazrati Hizir metjidi bilen sazlaşyk göz öňünde tutuldy. Bu desga gadymy medrese we aramgähler bilen birlikde, Samarkandyň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Metjit beýik diňde ýerleşip, onuň eýwanlar toplumyndan, belent minarasyndan beýleki ajaýyplyklara — Bibi-Hanym, Şahi-Zinda ýaly binalara, Afrosiaba gözel görnüş açylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu merkez 2022-nji ýylyň sentýabrynda açyldy.


Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar. Bu toplum Samarkant, Buhara, Fergana, Daşkent, Hywa ýaly gadymy şäherleriň we beýlekileriň özboluşly sazlaşygy bolup durýar. Bu ýerde köp sanly myhmanlar we syýahatçylar Özbegistanyň welaýatlarynyň, şu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhy, däp-dessurlary bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň darajyk köçelerinde suratkeşleriň, senetçileriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dükanlary ýerleşýär.

Gadymy kitaplarda beýan edilen hakyky öýler we täsin meýdançalar “Baky şäherdäki” pawilýonlaryň nusgasy bolup hyzmat edýär. Topluma gelýänler pöwrize reňkli gümmezli, diwarlary täsin bezelen köşkli we başy göge direýän binalary synlap, ajaýyp Gündogar ertekisine aralaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýere gelýänler ýurduň dürli sebitleriniň milli tagamlaryny dadyp, gyzykly şüweleňlere şaýat bolýarlar. Olar syýahatçylyk toplumynyň çäginden çykman, diňe bir Samarkandyň däl, eýsem, Buharanyň, Fergananyň, Daşkendiň, Horezmiň, Kaşgaderýanyň we Surhanderýanyň, Garagalpagystanyň köçelerinde gaýybana gezelenç edip bilýärler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......