Arheologlar Çingiz hanyň döwrüniň tötänleýin tapylan artefaktlaryny öwrenýär

  • 24.04.2025 12:37
  • 8.7k+

Sibir federal uniwersitetiniň (SFU) arheologlary Krasnoýarsk ülkesiniň A.I.Kytmanow adyndaky Ýeniseýsk muzeýiniň kolleksiýalaryny öwrenip, Mongol imperiýasynyň güllän döwri bolan XIII-XIV asyrlara degişli artefaktlary tapdy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

SFU-nyň Ýeniseýsk Sibir arheologiýa barlaghanasynyň uly ylmy işgäri we muzeýiň ylmy işgäri Kseniýa Birýulewanyň aýtmagyna görä, tapyndylar muzeýe baryp 1960-njy ýyllarda getirildi we şondan bäri ammarlarda saklandy.

“Biziň ilkinji gezek bu predmetleri ylmy nukdaýnazardan öwrenmek mümkinçiligimiz boldy. Olar XX asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri ammarlarda saklanypdy. Gadymy Sibir şäheri Ýeniseýskiň töwereginde gurluşyk wagty uçly oklar we özboluşly Y şekilli naýza buldozer bilen gazylyp alyndy” – diýip, Birýulewa gürrüň berdi.

Hünärmenler artefaktlaryň kremirlenen adamyň küli bilen bilelikde tapylandygyny belleýär. Metal böleklerde köýük yzlary, ýagny metal güýçli gyzyp, okislenmä sezewar bolan ýagdaýynda emele gelýän gabyk bar. Predmetlerden ugur alsaň, jaýlama Lesosibirsk medeniýetiniň giçki döwrüne degişli bolmaly.
Birýulewa şeýle tapyndylaryň Krasnoýarsk ülkesi üçin örän seýrekdigini belleýär. 


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......