Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 20.04.2025 22:12
  • 15k+

19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wekiliýet gaznanyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelipdir.

Duşuşygyň barşynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler.
Duşuşykdan soň O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.
Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň interwýusynyň bu gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edendigini belledi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......