Alymlar Ýerden daşarda ýaşaýşyň «iň güýçli» subutnamasyny tapdylar

  • 19.04.2025 18:17
  • 11k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Eset ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän K2-18b ekzoplanetasynyň atmosferasynda iki sany organiki birleşmäniň – dimetilsulfidiň we dimetildisulfidiň bardygyny ýüze çykardylar. Bu başga planetalarda hem ýaşaýşyň mümkindigini görkezýän iň güýçli subutnama hasap edilýär. Bu barada «The Astrophysical Journal Letters» (ApJL) ylmy žurnalynda çap edilen makala salgylanyp, Kembrij uniwersiteti habar berýär.

Ýatlatsak, 2023-nji ýylda NASA «Jeýms Uebb» teleskopy arkaly, K2-18b ekzoplanetasynyň atmosferasynda metan bilen kömürturşy gazynyň bardygyny ýüze çykarypdy. Täze gözlegleriň netijeleri hem «Jeýms Uebb» teleskopynyň maglumatlaryna esaslanýar.

«Ýerde dimetilsulfid we dimetildisulfid diňe janly organizmler tarapyndan, esasan-da deňiz fitoplanktonlary ýaly mikroorganizmler tarapyndan öndürilýär. K2-18b-niň atmosferasyndaky molekulalaryň çeşmesi näbelli bir himiki reaksiýa hem bolup biler welin, bu netijeler häzirki wagta çenli Gün ulgamymyzyň daşyndaky planetada ýaşaýşyň bolup biljekdigi bilen bagly iň güýçli subutnama bolup durýar» — diýip, makalada aýdylýar.

Alymlaryň bellemegine görä, K2-18b-niň atmosferasyndaky şeýle birleşmeleriň mukdary Ýeriňkiden örän ýokary – her bir million molekulanyň ondan hem köp bölejigi şulardan ybarat. Ýerde bolsa bu görkeziji milliardda bir molekuladan hem az.
Alymlaryň sözlerine görä, ýüze çykarylan birleşmeleriň tötänleýin döremek ähtimallygy bary-ýogy 0,3%. Emma bir ylmy açyşyň doly ykrar edilmegi üçin, bu görkeziji 0,00006%-den hem aşak bolmaly. Şonuň üçin hem, gözleg toparynyň agzasy professor Nikku Madhusudhan netijelere «seresaply optimizm» bilen çemeleşýändiklerini aýdyp, has anyk netijeler üçin goşmaça gözlegleriň zerurdygyny belleýär.
Bu netijeler şeýle birleşmeleriň ýyly, ýüzi ummanlar bilen örtülen we atmosferasy wodoroda baý bolan gikean görnüşli planetalarda ýokary mukdarda bolup biljekdigi baradaky öňki çaklamalary hem tassyklady diýip, Madhusudhan belläp geçdi.
K2-18b ekzoplanetasy ilkinji gezek 2015-nji ýylda Eset ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän K2-18 atly gyzyl girdenegiň (ýyldyzyň) orbitasynda ýüze çykaryldy. Bu planetanyň radiusy Ýeriňkiden 2,6 esse uly, massasy bolsa 8,6 esse agyrdyr.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....