Kia EV3 Nýu-Ýork awtosalonynda “Ýylyň awtomobili” diýlip ykrar edildi

  • 18.04.2025 12:10
  • 4.5k+

Nýu-Ýork halkara awtosalonynda World Car of the Year baýragynyň jemi jemlendi. Şu ýyl baş baýragy Kia EV3 elektromobili aldy.

Koreý brendiniň ulagy BMW X3 we Hyundai Inster / Casper Electric ýaly bäsdeşlerinden öňe geçp, “Ýylyň bütindünýä awtomobili” adyny eýe boldy.
Kia EV3 döwrebap dizaýny we tehniki aýratynlyklary bilen derrew ünsi özüne çekmegi başardy. Modeliň geçýän menzili 605 km ýetýär, 10-dan 80%-e çenli zarýad bermek bolsa 31 minut wagt alýar, ulag sürüjä kömek ulgamlary we emeli aň elementleri bilen üpjün edili.
96 halkara awtomobil žurnalistinden ybarat bolan eminler awtomobiliň ösen tehnologiýasyna we ýokary derejede rahatlygyna baha berdi.

“Biz üçin şeýle baýragy almak uly mertebe! Bu biziň estetik taýdan özüne çekiji we ekologiýa taýdan durnukly çözgütleri döretmekde tagallalarymyzy tassyklaýar” – diýip, Kia-nyň prezidenti Ho Son Son belledi.

Beýleki nominasiýalarda baýraga şular mynasyp boldy:

  • Iň gowy elektromobil – Hyundai Inster / Casper Electric

  • Iň gowy kaşaň awtomobil – Volvo EX90

  • Iň gowy şäher awtomobili – BYD Seagull / Dolphin Mini
  • Iň gowy öndürijilikli awtomobil – Porsche 911 Carrera GTS

  • Iň gowy dizaýn – Volkswagen ID. Buzz

​​​​​​​

  • Ýylyň adamy – BYD-yň wise-prezidenti Stella Li

2020-nji ýyldan bäri Kia alty World Car Awards baýragyny aldy. Ozal EV9 we Soul EV modelleri tapawutlanypdy.


19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......