Delta Air yzygider ýedinji ýyl dünýäde iň gymmat awiabrend boldy

  • 18.04.2025 00:36
  • 4.6k+

Amerikan awiakompaniýasy Delta Air Lines yzygider ýedinji ýyl dünýäniň awiagatnadyjylarynyň arasynda iň gymmat brend diýlip ykrar edildi. Bir ýylyň dowamynda brendiň bahasy 38,5% - 14,912 mlrd dollara çenli ýokarlandy diýip, Brand Finance habar berýär.

Reýtingiň alty öňdebaryjysy öňküligine galdy. Delta-dan başga-da, liderleriň hataryna United Airlines ($12,265 mlrd, ösüş 41,4%), American Airlines ($11,7 mlrd, +14,2%), Emirates ($8,365 mlrd, +26,6%), Southwest Airlines ($6,342 mlrd, +17,6%) we British Airways ($4,57 mlrd, +44%) girýär. United Airlines awiakompaniýasy American Airlines-den öňe geçip, ikinji orna çykdy.
Ýedinji orna China Southern ($4,09 mlrd, +48,9%) geçdi. Qatar Airways ýedinji orundan sekizinji ($3,856 mlrd, +22,9%), Air Canada dokuzynjy orna düşdi ($3,238 mlrd, +15,4%). Onlugy 12-nji orundan galan China Eastern ($3,173 mlrd) jemleýär.
Reýtingde iň uly baha ösüşini Malaysia Airlines görkezdi: +209% ($607 mln çenli). Kompaniýa 45-nji orna çykyp, 10 ýylda birinji gezek ilkinji 50-lige girdi.
Iň uly 50 awiabrendiň umumy bahasy 29% ýokarlanyp, 132,4 mlrd dollara ýetdi.
Sanawa bir ýyl ozalky ýaly 11 hytaý kompaniýasy girdi. ABŞ-nyň paýy azaldy: geçen ýylky on bilen deňeşdirilende, ýedi awiakompaniýa.
Howa menzilleriniň arasynda Londondaky Hitrou öňde barýar ($991 mln). Şeýle-de, üçlüge Singapuryň Çangi ($765 mln) we Parižiň Şarl-de-Goll howa menzili ($745 mln) girýär. Öňdebaryjy 25 howa menziliniň umumy bahasy bir ýylda 16% ýokarlandy.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......