Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

  • 17.04.2025 22:36
  • 4.5k+

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Sişenbe güni Hermès-iň bazardaky umumy gymmaty 243,65 milliard ýewro boldy. Bu görkeziji azajyk hem bolsa, LVMH-iň (Louis Vuitton Moët Hennessy SE) gymmatyndan ýokarydy. 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça hasabatyny çap edeninden soň, LVMH-iň bazardaky umumy gymmaty 8,35% peselip, 243,44 milliard ýewro çenli aşaklady.
Hermès Fransiýanyň CAC40 bazar indeksinde gysga wagtlyk birinji orna çykdy.
Şeýle hem belläp geçsek, 2010-njy ýylda LVMH konglomeraty Hermès-i satyn almakçy bolupdy, emma bu söwda başa barmandy.
Hermès-iň ýagdaýy lýuks harytlara bolan islegiň peselýän döwründe hem, garşydaşlaryna garanyňda has gowy. Bu bolsa kompaniýanyň ýöredýän «çäkli mukdar» strategiýasy, ýagny harytlaryň bilkastlaýyn az mukdarda çykarylmagy bilen düşündirilýär.


25.02.2026 08:47
2k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

07.09.2025 15:56
4.4k+

Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar...