Önümsiz $2 mlrd: OpenAI-yň öňki ýolbaşçysy rekord goýmak isleýär

  • 16.04.2025 09:48
  • 3k+

OpenAI-yň öňki tehniki direktory Mira Murati tarapyndan esaslandyrylan Thinking Machines Lab kompaniýasy 2 milliard dollarlyk başlangyç maýa goýum tapgyryny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu möçber ilki meýilleşdirilenden iki esse köp. Eger ylalaşyk üstünlikli tamamlansa, startapyň bahasy, «azyndan», 10 milliard dollar bolar. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär.

Thinking Machines Lab kompaniýasy taýýar önümi hem, girdejisi hem bolmazdan, güýçli topary bilen maýadarlaryň ünsüni özüne çekdi. Kompaniýanyň düzüminde emeli aň boýunça tejribeli onlarça adam bar. Olaryň arasynda OpenAI-yň gözlegler boýunça öňki baş direktory Bob Makgrýu we GPT-3 hem-de Whisper ýaly tehnologiýalaryň işlenip düzülmegine gatnaşan Aleks Redford hem bar. Olar maslahatçy hökmünde işleşerler.
Startap gysga wagtda gizlin ýagdaýdan çykyp, häzirki çözgütlerden has düşnükli, sazlamalara uýgunlaşýan we köpugurly emeli aň ulgamlaryny döretmegi maksat edinýär. Tehniki taraplary mälim edilmeýär, ýöne maýadarlaryň gyzyklanmasy, esasan, Mira Muratiniň ChatGPT we DALL-E ýaly taslamalardaky öňki roly bilen baglanyşdyrylýar.
Bazardan uly möçberde maýa çekilmegi toparyň mümkinçiliklerine bolan ynamy görkezýär. Şeýle-de bolsa, käbir analitikler munuň bilen bilelikde töwekgelçilikleriň hem bardygyny belleýärler.

«Rekord derejede maýa goýum, esasan-da taýýar önüm ýok bolsa – bu iki uçly çiş ýaly. Döredijilere basyş örän güýçli bolar, ýöne olaryň anyk meýilnamasy bar bolsa, bu ähli pudakdaky standartlary täzeden kesgitläbem biler» — diýip, tehniki analitik Jeýms Kramer aýtdy.

Thinking Machines Lab önümini bazara haçan çykarjakdygy barada maglumat bermedi, ýöne birnäçe uniwersitet bilen bilelikde ylmy barlaglara başlandygyny mälim etdi. Eger-de startap özüne bildirilen umytlary ödemegi başarsa, bu generatiw emeli aň pudagynda, OpenAI, Anthropic we Google DeepMind ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň arasynda täze bäsleşigi döredip biler. Maýa goýum tapgyrynyň netijeleri 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyrynda belli bolar.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......