Ilkinji gezek barlaghanada adam dişleri ösdürildi

  • 15.04.2025 22:28
  • 5k+

Londonyň Patyşalyk kollejiniň alymlary ilkinji gezek barlaghana şertlerinde adam dişlerini üstünlikli ösdürdirdiler. Bu öňegidişlik barada The Telegraph neşiri habar berýär.

Regeneratiw stomatologiýa bölüminiň direktory Ana Angelowa Wolponiniň aýtmagyna görä, bu açyş “stomatologiýada rewolýusiýa geçirip biler”. Topar dişleriň ösýän tebigy gurşawyna meňzeş materialy döretdi. Ol öýjükleriň biri-biri bilen aragatnaşyk saklamagyna we dişleriň döräp başlamagyna mümkinçilik berýär.  
Ylmy gözlegde akulalar we piller ýaly käbir haýwanlaryň dişlerini gaýtadan ösdürmäge ukyplydygy aýdylýar. Adamyň welin, ulalandan soň diňe bir hemişelik dişleri bar.
Täze tehnologiýa implantatlaryň we plombalaryň ornuny çalşyp biler. Hassanyň öz öýjüklerinden ösdürilen diş eňek bilen birleşmäge we tebigy ýaly dikelmäge ukyplydyr.
Ozal barlaghanada bu prosesi ýerine ýetirmek başartmandy: öýjükler biri-biri bilen bolmalysy ýaly gatnaşmady.

“Plomba – dişleriňi dikeltmek üçin iň gowy çözgüt däl. Wagtyň geçmegi bilen olar dişiň gurluşyny gowşadýar, hyzmat ediş möhleti çäkli we çüýrükligiň ýa-da duýgurlygyň hasam güýçlenmegine getirip biler.

Implantatlar inwaziw hirurgiýany we implantatlar bilen alweolýar süňkleriň gowy gabat gelmegini talap edýär. Çözgütleriň ikisi-de emeli bolup, dişiň tebigy funksiýasyny doly derejede dikeltmeýär, bu hem soňlugy bilen kynçylyklara sebäp bolup biler” – diýip, stomatologiýa, eňek-ýüz hirurgiýasy we kelleçanak-ýüz ylymlary fakultetiniň ylmy işgäri Sýueçen Çžan belledi.


20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......