Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy

  • 15.04.2025 18:28
  • 3.4k+

Şu gün, 15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany düýn Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýaponiýanyň Hökümet binasynda belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygyny Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen gutlady. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we dostlukly syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Ýaponiýa ähli esasy ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp barylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Şunda parlamentara gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hakynda barýar. Şunda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylan iri taslamalara aýratyn üns berildi. Diýarymyzyň çar künjeginde hereket edýän ammiak we karbamid, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça zawodlar, tebigy gazdan benzin öndürýän iri senagat kärhanasy, gaz turbinaly elektrik stansiýasy şolaryň hataryndadyr. Serdar Berdimuhamedow şulary mysal getirip, Türkmenistanyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde täze ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......