"Intuitive Machines" SpaceX-yň goldamagynda Aýa täze missiýalaryny bildiriş  etdi

  • 15.04.2025 00:11
  • 1.5k+

Afina gonuş modulynyň şowsuzlyga uçrandygyna garamazdan, Intuitive Machines kompaniýasy täze IM-3 we IM-4 missiýalaryny yglan etdi. Aýy öwrenmek we aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin SpaceX raketasynda zondlar we hemralar uçurylar.

6-njy martda Athena gonuş modulynyň Aýyň günorta polýusynyň golaýyndaky Mons Muton dagyna gonandygyny ýatladýarys. Nädogry gonandygy sebäpli, modul gapdallygyna düşdi we ýeterlik energiýa öndürip bilmedi. IM-2 missiýasy 24 sagada-da ýetmän tamamlandy.
Indi bolsa Intuitive Machines 2026-njy ýyla meýilleşdirilen IM-3 missiýasyny taýýarlaýar. Kompaniýa SpaceX Falcon 9 kysymly göteriji raketanyň kömegi bilen Aýa gonuş modulyny elter. Taslama NASA-nyň Commercial Lunar Payload Services (CLPS) maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.
IM-4 missiýasy 2027-nji ýylda meýilleşdirilýär we onda hem SpaceX raketasy ulanylar.
Gonuş moduly bilen birlikde, Aýa hemra hem iberiler. Rele bloklary Aýyň töweregindäki aragatnaşyk infrastrukturasynyň bir bölegine öwrüler. Kompaniýa Ýeriň tebigy hemrasynyň töweregindäki orbitada bäş hemradan ybarat topary gurmagy meýilleşdirýär. Tor Aýyň üstünde aragatnaşyk mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin niýetlenendir we Ýer bilen aragatnaşyk saklamak üçin hem ulanylar.
Ýerine ýetiriji müdir Stiw Altemus bu hemralaryň Aýy täjirleşdirmek strategiýasynda esasy ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Ilkinji emeli hemra IM-3 missiýasynyň çäginde orbita çykar.
IM-4 missiýasy Aýyň günorta polýusynyň golaýynda suw buzlaryny gözlemek üçin Ýewropa kosmos gullugynyň buraw guralyny hem öz içine alýan alty sany ylmy guraly äkider.
Şeýle-de, hemranyň üstüni surata almaga niýetlenen optiki gurallar synalyp görler. Taslama hemralaryň birini teleskop bilen üpjün eden Scanway kompaniýasy gatnaşýar.
NASA-nyň CLPS programmasynda Intuitive Machines-iň möhüm rol oýnaýandygyny bellemelidiris. Geçen ýyl amala aşyrylan ilkinji missiýanyň (IM-1) dowamynda Nova-C (“Odisseý”) atly gonuş moduly Aýyň üstüne gondy, ýöne şol gezek hem edil hemme birkemsiz bolmady. Şeýle-de bolsa, bu missiýa ilkinji gezek hususy kompaniýa tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem, 1972-nji ýyldaky “Apollon 17” missiýasyndan bäri “Aýa ilkinji amerikan gonuşy” boldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....