Astrofizikler Günüň beýleki ýyldyzlardan tapawudyny ýüze çykardylar

  • 14.04.2025 14:34
  • 3.8k+

Germaniýaly, norwegiýaly, gresiýaly we ispaniýaly alymlar topary Günüň köp sanly meňzeş ýyldyzlardan magnit işjeňligi boýunça tapawutlanýandygyny ýüze çykardylar. Günüň ýüzünde gara tegmillerden has köp ýagty sebitler emele gelýär. Beýleki ýyldyzlarda bolsa tersine, gara tegmiller köp emele gelýär. Bu barada arXiv preprint serwerinde çap edilen makalada aýdylýar.

Günüň ýüzünde emele gelýän ýagty sebitleriň, ýagny fakelleriň sany gara tegmillerden üç esse köpdür. Bu ýagdaý hatda iň ýokary işjeňlikdäki döwürlerinde-de Günüň durnuklylygyny üpjün edýär. Beýleki ýyldyzlarda bolsa, köplenç, gara tegmiller agdyklyk edýär we olar ýyldyzyň ýüzüni garaňkylaşdyrýar.
Astrofizikler «Kepler» kosmos teleskopynyň maglumatlaryna esaslanyp, 265 sany sary girdenegiň (G görnüşli ýyldyzyň) magnit işjeňligini öwrendiler. Şol ýyldyzlaryň arasynda 48 sanysynyň maglumatlary derňew üçin saýlandy. Şol 48 ýyldyzyň 44-sinde bolsa, gara tegmiller ýagty sebitlerden has köp bolup çykdy. Galan 4 ýyldyzda bolsa, gara tegmiller bilen ýagty ýerleriň sany deň diýen ýalydy. Diňe bir ýyldyz – KIC 11599385 – bu babatda Gün bilen meňzeşlik görkezýärdi.
Fakeller bilen tegmiller ýyldyzyň magnit meýdanynyň täsiri bilen döreýär. Gowşak magnit meýdany fakelleriň, güýçli magnit meýdanlary bolsa gara tegmilleriň döremegine itergi berýär. Magnit meýdanlary ýyldyzyň içinde bolup geçýän konweksiýa, ýagny maddalaryň garyşmagyna hem täsir edýär.
Gün ýaly ýyldyzlar Älemdäki ähli ýyldyzlaryň 7-10%-ini düzýär. Biziň galaktikamyzyň çäginde şeýle ýyldyzlaryň sany, takmynan, 10-20 milliard çemesi diýlip çaklanylýar. Şeýle ýyldyzlaryň daşyndaky planetalar hasam gyzykly hasaplanylýar, sebäbi olar ýaşaýşyň döremegine mümkinçilik berýän zolakda ýerleşýärler.


düýn 16:45
3.4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
4.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
996

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......