Kornelliň alymlary arzan wodorod öndürdiler we deňiz suwundan agyzsuw aldylar

  • 14.04.2025 15:30
  • 2.5k+

Kornell uniwersitetiniň barlagçylary deňiz suwundan arzan ýaşyl wodorody öndürýän tehnologiýany işläp düzdüler. Şeýle hem, elektroliz prosesi arkaly arassa agyz suwuny öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Işläp taýýarlama fotoelektrik ulgamlary sowatmak üçin gerekli bolup biler.

Önümçilik wagtynda CO2 çykarmaýan ýaşyl wodorodyň kilogramy, takmynan, 10 dollar, bu bug konwersiýasy netijesinde öndürilen wodoroddan 10 esse gymmatdyr. Bu usulda tebigy gaz (metan) wodorody reagirleýär: wodorod we islenilmeýän goşmaça CO2 emele gelýär. Ýaşyl wodorodyň bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin onuň bahasy aşak düşmeli.
Alymlar bol deňiz suwuny ulanýarlar. Adatça, elektroliz üçin arassalanan suw gerek, ýöne arassalamak we deionizasiýa etmek gaty gymmat düşýär. Deňiz suwy bu meseläni çözýär. "Bu tehnologiýany hut şonuň üçin işläp düzdük. Gün energiýasy bilen deňiz suwy - bular tükeniksiz we mugt çeşmeler" – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Lenan Çžan belleýär
10x10 santimetr ölçegindäki prototip Gün panellerinden gelýän ýylylygy ulanýar. Häzirki zaman Gün modullary Gün şöhlesiniň diňe 25%-ini elektrik toguna öwürýär, galany ýylylyga öwrülip gidýär.
Tehnologiýanyň esasy elementi - kapillýar peltesi. Ol suwuň Gün paneliniň ýyly ýüzüne degmegini üpjün edýär, bu bolsa bugarmagy çaltlaşdyrýar. Suwy süýjän bug soňra kondensirlenýär we wodorod bilen kisloroda bölünýär.
Prototipiň netijeliligi 12,6% -e, öndürijiligi bolsa sagatda 200 millilitr wodoroda ýetýär. Barlagçylar 15 ýyldan ýaşyl wodorodyň bir kilogramynyň bahasynyň bir dollara düşjekdigine ynanýarlar.
Mundan başga-da, tehnologiýa sowatmagyň hasabyna hyzmat ediş möhletini uzaltmak arkaly, Gün panelleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......