Tesla arzan bahaly Cybertruck çykardy. Ýönekeýleşdirilen pikabyň bahasy – 69990 dollar

  • 14.04.2025 13:21
  • 5.3k+

Tesla ABŞ-da «Cybertruck» pikabynyň üçünji wersiýasynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Bu model üçin 7500 dollar federal arzanladyş göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, onuň bahasy 62 müň 490 dollara çenli aşaklaýar diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Bu model asyl pikabyň diňe yzky tekerlerden herekete getirilýän, ýagny bir elektromotorly wersiýasydyr. Ondan öň iki sany doly herekete getirilýän wersiýalar hödürlenipdi: Dual Motor AWD – iki elektromotorly we Tri-motor AWD Cyberbeast – üç elektromotorly. Täze model 315 at güýjüni öndürýär, öňki wersiýalarda bu görkeziji, degişlilikde, 600 we 845 at güýjüne deňdi.
Täze wersiýanyň salonynda mata örtük ulanylypdyr, öňki modellerde bolsa tebigy deri bardy. Dinamikalaryň (ses berijileriň) sany hem ýarysyna çenli azaldylypdyr – 7 sany bar, gymmat modellerde bolsa 15 sanysy bar. Ýerden beýikligi 406 millimetrden 243 millimetre çenli peseldilipdir. Bu wersiýa 100 km/sag tizlige 6,6 sekunda ýetýär. Şeýle-de bolsa, bir gezeklik zarýad bilen geçýän aralygy öňki wersiýalardaky ýaly – 563 kilometr.
Tesla kompaniýasy «Cybertruck-yň» üç wersiýasynyň çykaryljakdygyny 2023-nji ýylyň noýabrynda mälim edipdi, ýakyn wagtda bolsa uzak aralyk üçin goşmaça batareýanyň opsiýasyny aýyrdy.


13.05.2026 23:24
3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....