Jeýms Kemeron kino düşürmekde çykdajylary azaltmak üçin EA ulanmaga taýýar

  • 14.04.2025 10:42
  • 2.6k+

Jeýms Kemeron filmleriň önümçiligindäki çykdajylary azaltmak üçin emeli aňdan peýdalanmagy göz öňünde tutýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol teksti surata öwürýän Stable Diffusion modelini işläp düzen Stability AI kompaniýasynyň direktorlar geňeşine agza bolupdy diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

«Ozal bolsady, bu meseläni çözmek özüm kompaniýa dörederdim. Ýöne soň munuň iň gowy ýol däldigine akyl ýetirdim. Şonda men: „Bolýa, güýçli, bäsdeşlige ukyply we gowy tejribesi bolan kompaniýalaryň birine goşulaýaryn“ diýip özüme aýtdym» — diýip, Kemeron aýtdy.

Onuň sözlerine görä, maksat pul gazanmak däl, emeli aňyň nähili işleýändigine düşünmek. Režissýor işläp düzüjileriň modelleri nädip taýýarlaýandygyna, näçe çeşmäniň gerekdigine we munuň wizual effektleriň (VFX) önümçiligine nädip peýda getirip biljekdigine düşünmek isleýär. Kemeron emeli aňyň kompýuter grafikalaryna baý blokbasterleriň çykdajylaryny iki esse azaltmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýar.

«Gürrüň işgärleriň ýa-da effekt kompaniýasyndakylaryň ýarysyny işden çykarmak barada gidenok. Men bir kadryň taýýarlanyş tizligini iki esse artdyrmak, işiň depginini we önümçilik aýlawyny çaltlaşdyrmak barada aýdýan. Şeýlelikde, suratkeşler beýleki gyzykly wezipelere has çalt geçip bilerler. Ine, meniň çemeleşmäm» — diýip, ol düşündirdi.

Kemeron emeli aňyň Golliwudda adam döredijiliginiň ornuny tutup bilmejekdigine, ýöne olaryň işini ýeňilleşdirýän gural hökmünde ulanyljakdygyna ynanýar. 2023-nji ýylda «CTV News» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde, ol emeli aň tarapyndan ýazylan ssenarileriň hakyky emosional täsir döredip biljekdigine şübhe bildiripdi: «Diňe beýleki adamlaryň aýdanyny gaýtalaýan, bedensiz aňyň ýaşaýyş, söýgi, ýalan, gorky, ölüm ýaly temalary sözleriň garyndysyna öwrüp, tomaşaçynyň duýgusyna täsir edip biljekdigine ynanamok. Beýle zady ýazybilmek üçin sen hökman adam bolaýmaly» — diýipdi.
Režissýor emeli aňy adamlaryň döredijilikli goşandyny saklamak bilen bilelikde, filmleriň önümçiligini tizleşdirjek kömekçi hökmünde görýär.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....