Almatyda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 12.04.2025 16:05
  • 2.9k+

11-nji aprelde Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi gecirildi. Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Arkalaşygyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça düýpli pikir alşyldy. Ýakyn geljek üçin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky köptaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Almaty şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Taraplar bu formatyň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem dialoga gatnaşyjy ýurtlar üçin gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tertibini kesgitlediler.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....