Hytaýyň Antarktidadaky radioteleskopy Akmaýanyň ýoluna gözegçilik edýär

  • 12.04.2025 08:38
  • 5.8k+

Hytaý Antarktidadaky täze Çžunşan stansiýasynda ilkinji radioastronomiki gözegçiliklerini üstünlikli geçirdi. Ol ýerde diametri 3,2 metr bolan täze millimetr diapazonly radioteleskop gurlup ulanyşa girizildi. Enjam «Üç Jülgäniň Antarktik gözi» diýlip atlandyryldy diýip, «CGTN» habar berýär.

Teleskop Hytaýyň Üç Jülge uniwersitetiniň we Şanhaý mugallymçylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Ol Akmaýanyň ýolundaky bitarap wodorodyň we ammiak molekulalarynyň spektral hatarlaryna gözegçilik edýär. Bu maglumatlar alymlara ýyldyzara gazlaryň hereketini we ýyldyzlaryň döreýiş proseslerini has içgin öwrenmäge mümkinçilik berer.
Arassa asmany we durnukly atmosferasy sebäpli, Antarktida şeýle gözlegler üçin iň amatly ýerleriň biri hasaplanylýar. Bu ýerde ýagtylyk hapasy asla ýok diýen ýaly, gurak we durnukly howasy bolsa beýleki sebitlerde atmosferanyň çyglylygy tarapyndan siňdirilýän gowşak millimetr tolkunlaryny aýdyň kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Täze teleskop Hytaý tarapyndan ozal gurlan AST3 infragyzyl teleskoplaryň üstüni ýetirýär. «Antarktik göz» galaktikada bolup geçýän hadysalaryň keşbini has gowy şekillendirmäge ýardam berer. Infragyzyl enjamlaryň tozanlara we eýýäm emele gelen ýyldyzlara gözegçilik edýän mahaly, täze radioteleskop ýyldyzlaryň emele gelýän sowuk gazlaryna ünsi jemlär.

Toplanan maglumatlar alymlara ýyldyzlaryň döreýşiniň mehanizmlerini, turbulentligini we magnit meýdanlarynyň ýyldyzara giňişlige edýän täsirine has gowy düşünmäge, şeýle hem Akmaýanyň ýolunyň gurluşyny aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....