Türkmenistanyň DIM-nde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň baha beriş missiýasynyň netijelerine garaldy

  • 11.04.2025 22:58
  • 1.4k+

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde LLDC-3- taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hökümetiniň bu çärä taýýarlyk görmek boýunça ulgamlaýyn protokol-guramaçylyk we seljeriş işlerini alyp barýandygy bellenildi. Şeýle hem tematiki bölümçeleri, forumlary we tegelek stollary öz içine alýan Maslahatyň maksatnamasynyň gurluşy barada giňişleýin maglumat berildi.
Brifinge gatnaşyjylar bu çäräniň ählumumy derejede ähmiýetlidigini belläp, gün tertibiniň esasy taraplaryna, Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanmagyna giňişleýin garadylar.


düýn 18:04
3.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......