Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedewleriň şekilleri bilen tanyşdy

  • 10.04.2025 11:33
  • 6.6k+

9-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Liderine “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesillerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýginiň has-da artmagyny şertlendirer.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....