Microsoft Apple-dan geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy

  • 09.04.2025 16:15
  • 4.4k+

Apple-yň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi, Microsoft-a dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmaga mümkinçilik berdi.

«CNBC-niň» maglumatlaryna görä, soňky dört söwda sessiýasynyň dowamynda Apple-yň paýnamalarynyň bahasy 23% pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň bazardaky umumy bahasyny 2,59 trillion dollara çenli düşürdi. Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň bahasy bolsa 2,64 trillion dollardy.
ABŞ tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli, dünýä bazarynda pesel düşmeler dowam edýär. Mundan, esasan-da, önümçiligi Hytaýa bagly bolan kompaniýalar köp ejir çekýär – Apple hem şolaryň arasynda.
UBS-iň analitikleriniň pikirine görä, girizilen nyrhlar ABŞ-da iPhone 16 Pro Max modeliniň bahasyny 350 dollar ýokarlandyryp biler.
Mundan ozal Apple, Microsoft we Nvidia bazar gymmaty boýunça 3 trillion dollar çäginden geçen kompaniýalaryň arasyndady, emma olar häzir peseliş döwrüni başdan geçirýärler.
Microsoft ýanwar aýynda girdejileri boýunça gowşak çaklamalary çap eden bolsa-da, geçen hepde Jefferies-iň analitikleri Microsoft-yň nyrhlaryň durnuksyzlygyndan iň az täsirlenjek kompaniýalaryň biri boljakdygyny belläp geçdiler.
2024-nji ýylyň başynda Microsoft bazar bahasy boýunça liderligini yzyna aldy, soň bolsa bu orny Apple-a berdi. Indi bolsa kompaniýa ýene birinji orna çykdy.


düýn 09:37
3.8k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....