Deňizde bir gijäniň dowamynda dargamaga ukyply plastik işlenip düzüldi

  • 09.04.2025 14:08
  • 3.7k+

RIKEN atly ýapon ylmy-barlag institutynyň işgärleri deňiz suwunda doly dargaýan we yzynda mikro bölejikleri galdyrmaýan täze görnüşli plastigi işläp düzdüler. Plastika «supramolekulýar polimerlere» esaslanýar. Olar birleşip, soň dargamaga ukyply aýratyn baglanyşyklardan ybaratdyr. Bu barada geçirilen ylmy barlagyň netijeleri «Science» žurnalynda çap edildi diýip, «New Atlas» neşiri ýazýar.

Bu maksada ýetmek üçin alymlar azyk senagatynda giňden ulanylýan natriý geksametafosfat bilen dökünlerde ulanylýan guanidin ionlaryny öz içine alýan monomerleriň garyndysyny ulandy. Bu iki madda suw bilen birleşende goýy garyndyny emele getirýär.
Garyndy guradylanda berk polimer materiala öwrülýär. Bu maddalaryň arasyndaky reaksiýanyň dowamynda, aýratyn «ion köprüleri» emele gelýär. Ynha, hut şu «köprüleriň», ýagny aýratyn baglanyşyklaryň saýasynda, plastik adaty materiallara meňzeş çeýeligi we berkligi gazanýar. Emma duzly suw bilen aragatnaşykda bu baglanyşyklar elektrolitler tarapyndan dargadylyp, plastigiň sekiz ýarym sagadyň dowamynda doly «eremegine» sebäp bolýar.
Beýleki biodargamaga ukyply plastiklerden tapawutlylykda, bu prototip azot we fosfora çenli dargap gidýär – bularyň ikisi-de ösümlikler we mikroorganizmler üçin möhüm iýmit çeşmeleridir.
Bu tehnologiýanyň geljekde plastik önümçiliginde giňden ulanylmagy, ummanlaryň hapalanmak meselesine uly çözgüt bolup biler.


düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......