Mask Tesla-nyň paýnamalarynyň düşmegi we Trampyň salgytlary zerarly $135 mlrd dollaryny ýitirdi

  • 09.04.2025 13:08
  • 12k+

Ilon Mask, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 135 mlrd dollaryny ýitirdi. «Seeking Alpha-nyň» maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäpli, 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, ilkinji gezek 300 mlrd dollardan aşak düşdi.

Tesla-nyň paýnamalary dekabr aýynda ýetilen rekord derejesinden bäri, 50%-den köp arzanlady. Ýylyň başyndan bäri, işewüriň ýitgileri 134,7 mlrd dollar boldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli dörän ykdysady durnuksyzlyk bu ýagdaýy has-da agyrlaşdyrdy. Diňe 7-nji aprelde Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmeginiň dowam edýän wagty Mask 4,4 mlrd dollar ýitirdi. 8-nji aprelde peselme dowam etdi. Häzirki wagtda işewüriň umumy baýlygy 297,8 mlrd dollar diýlip çaklanylýar.
Amazon-yň ýolbaşçysy Jeff Bezos hem ýitgiler çekdi – onuň baýlygy 42,6 mlrd dollar azaldy we häzirki wagtda 192 mlrd dollar boldy. Meta kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg 24,5 mlrd dollar ýitirdi – onuň baýlygy 183 mlrd dollar boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Uorren Baffett täze nyrhlar girizilensoň, baýlygy artan az sanly işewürleriň biri boldy. Onuň baýlygy 11,5 mlrd dollar artdy we 154 mlrd dollar boldy.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....