Türkmenistanyň Bilim ministrligi wodorod energiýasy boýunça Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 09.04.2025 11:31
  • 2.6k+

7-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasy wideoaragatnaşyk görnüşde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Gol çekilen resminama – Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady wodorod energetikasy ýaly geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän ugurda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmekden, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti, professor Kýosuke Nagata çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bilim, ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurduň arasynda däl, eýsem dünýä derejesindäki ösüş üçin hem örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Dabara Sukuba uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça wise-prezidenti professor Osamu Ohneda, şeýle hem Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dekany, ýerine ýetiriji direktory professor Toşinobu Usuýama hem gatnaşdylar.
Bu Ähtnama diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklarynyň ösmegine, ýaş alymlaryň we talyplaryň täze tejribeleri ele almagyna giň ýol açýar. Şeýle hem wodorod energiýasy ýaly möhüm ugurda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşine möhüm goşant goşar.


şu gün 08:05
2k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.8k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....