Etihad Airways 62 müň dollara iň gymmat awia-uçuşy hödürleýär

  • 08.04.2025 15:45
  • 6.7k+

Etihad Airways awiakompaniýasy ýolagçylara Airbus A380 uçarynyň bortunda The Residence kaşaňlygyny hödürleýär. Şeýle uçuşyň bahasy 49 müň funt sterlinge (takmynan, 62,2 müň dollar) barabar diýip, Daily Express habar berýär.

Şeýle teklip aýratyn ýatylýan otagy, myhman otagyny we duşly wanna otagyny öz içine alýar. Ýolagça uçuş wagtynda islendik islegiňi ýerine ýetirmäge taýýar gullukçy hem berkidilýär.
Awiakompaniýa biletiň şeýle gymmat bahasyny rahatlygyň derejesi we hatda iň bir ownuk detallara berilýän üns bilen baglanyşdyrýar. Artykmaçlyklaryň arasynda – uçara öňürti ýerleşmek, aýratyn garaşylýan otaglara elýeterlilik we doly ýekelikde bolmak mümkinçiligi bar.

“Göz öňüne getiriň: siz hemmeden üzňelikde lezzet alyp, öz otagyňyzda dynç alýarsyňyz ýa-da dünýä derejeli şef-aşpezden tagamlary dadyp görýärsiňiz – bularyň ählisi birnäçe müň metr belentlikde” – diýip, žurnalistler ýazýar.
“The Residence-iň özüne çekijiligi onuň özboluşlylygy: bu ýönekeý bir uçuş däl-de, eýsem gündelik durmuşdan gaçmagyň ýoly” – diýlip, materialda bellenilýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......