Magtymguly adyndaky TDU-da ekologiýa boýunça halkara maslahat geçirilýär

  • 07.04.2025 23:55
  • 2.8k+

7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistan bilen birlikde, Russiýa, Eýran, Türkiýe, Wengriýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Polşa, Belgiýa, Rumyniýa, Hindistan, Pakistan, Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Nigeriýa, Alžir ýaly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag institutlarynyň 74 sanysyndan jemi 180-den gowrak professor-mugallymlar we alymlar gatnaşdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi:

  • “Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny”;
  • “Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary”;
  • “Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri” atly bölümlerde alnyp barylýar.

8-nji aprelde halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam eder.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......